Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

TALAN  ÝAR

TALAN  ÝAR


Däli könlüm, gel !gideli watana,

Anda saňa gözi ýolda Talan bar;

Kasyt gerek bu ýollarda ýörmäne,

Näzli ýaryň ülkesinde talaň bar.


Gülüm-gülüm, meni eýlediň gülünji,

Ýüz agladym, bir şat olup gülinçe,

El götermen eteginde ölinçe,

Meger bizi ýardan aýra salan bar.


Ajalym ýetişip, peýmanam doldy,

Gül meňzim sargaryp bihuda soldy,

Diýdiler:  «söwdügiň ýary  ýat oldy»,

Diýdi belki ýedi ýatdan gelen bar.


Aşyk Hemra, girifgardyr özüne!

Köýdi bagrym, kebap boldy ýüzüne,

Ynanmanam  ykraryna, sözüne,

Biykrar sen, ykrarynda ýalan bar.