Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAR ONDA GALDY

ÝAR ONDA GALDY


Söwdügim syrymny beýan eýläýpn,

Getire bilmedim, ýar onda galdy;

Öz tilimden bela  geldi  neýläýin,

Getire bilmedim, ýar onda galdy.


Anda  galdy meniň jany, jahanem,

Akdy gözlerimden aby rowanym,

Owalda  matlabym, dinim, imanym,

Beslenen jüp goşa nar onda galdy.


Gara-gara garly daglar  aşanda,

Niçe söwdalary başa düşende,

Ýar ýardan aýrylyp, akly çaşanda,

Gitdi namys bilen ar onda galdy.


Hemra diýer ýassanaýdym perini,

Sytkym bilen çagyraýdym pirini,

Üç ýyl boldy, çekdi derde serini,

Getire bilmedim, ýar onda galdy.