Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝARAŞAR

ÝARAŞAR


Begler, iki peri söýdüm,

Söýmäge gözel ýaraşar;

Iki  periniň  aldynda,

Durmaga gözel ýaraşar.


Bir-birine yzzat edip,

Şirin leblerinden dadyp,

Iki deň ädim ädip,

Ýörmäge  gözel  ýaraşar.


Çekmişem jebri-jepany,

Görmüşem ähti-wepaýy,

Aşretli  zowky-sapany,

Sürmäge gözel  ýaraşar.


Çekdim gözeller derdini,

Bilmezler aşyk gerdini,

Gözel-gözelniň  merdini,

Görmäge gözel ýaraşar.


Men doga almyşam pirden,

Gol göterdim namys ardan,

Iki gözelni bir ýerden,

Barmaga  gözel ýaraşar.


Hemra dost bagyna girip,

Täze güllerinden tirip,

Gülüp, oýnap, sapa sürüp,

Ýörmäge gözel ýaraşar.