Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SAÝADYŇ

SAÝADYŇ


Garyp olup, gam öýünde galmyşam,

Bize çoh-çoh bolar ady Saýadyň;

Galat eýläp, bu ülkeýe gelmişem,

Ýandyrdy janymny gilp  Saýadyň.


Tarlan alyp bils seýle çykanda,

Dolup gözden ganly ýaşym dökende,

Laçyn salyp, tebli-bazyn kakanda,

Awlagy, çeşmesi, köli Saýadyň.


Pikir eýläp, köňlüm gitdi gümana,

Ýar hanjary bu gün ýetişdi jana,

Meni kowmak üçin eýläp bahana,

Üstümizden düşdi ýoly  Saýadyň.


Mämmet şanyň gyzy özün mest eýlär,

Gamzalary jan almana kast eýlär.

Bizi duşman bilip, kimi dost eýlär,

Men bilmenem ýegdir ili Saýadyň.


Bakjasynda  alma ola, nar ola,

Men bilmenem  şejerlerde bar ola,

Biz gidende özge bile ýar ola,

Hemranyň keç bagty — goly Saýadyň.