Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DURNANYŇ

DURNANYŇ


Depesine şalyk laçyn salyna,

Ýa rep, niçik geçer haly durnanyň;

Jygalary tel-tel bolup bölüne,

Onda  niçik geçer  haly durnanyň.


Bu durnalar hemdem olup hemişe,

Çekiler sähraga, barmaz gamyşa,

Aga begler, perin gaplan, kümüşe,

Saýrasa gök öwser tili durnanyň.


Durnam howa uçma,  gözüň  gamaşar,

Niçe taryp etsem, saňa ýaraşar,

Al howada gözüň uzaga düşer,

Belent dagdan aşar ýoly durnanyň.


Men bir biçäre men, köňlüm kemine,

Eýäm şipa bersin keňül gamyna,

Ýaz bolsa ýüzlener yrak zemine,

Gyş bolsa bagdatdyr ili durnanyň.


Indi sizler geliň meniň ýanyma,

Ýogsa bu zalymlar galar ganyma,

Rehm eýläňiz meniň garyp janyma,

Aşyk Ahmet garyp guly durnanyň.