Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DÖN GÖWNÜM

DÖN GÖWNÜM


Gel göwnüm, men saňa öwüt bereýin,

Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.

Kysmatym ne bolsa, ony göreýin.

Iki dilli  biwepadan dön, göwnüm.


Çyn güli saklasaň müň ýylda solmaz,

Biwepanyň hergiz ykrary bolmaz,

Belki, diýrem: kişi ýary ýar bolmaz,

Ýary başga biwepadan dön göwnüm.


Mert ýigitler, bar zadyny bar eýlär,

Muhannesler, gin jahany dar eýlär,

Biwepaga göwün berseň har eýlär,

Göwni başga biwepadan dön, göwnüm.


Asly biwepadan bu göwnüm geçdi,

Aşretiň guşlary asmana uçdy,

«Başga ýarym ýok» diýip, kasamlar içdi,

Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.


Näler çekdim biwepanyň renjini,

Rakyplar emmesin lebim gandyny,

Eşit indi han Saýadyň pendini,

Iki dilli biwepadan dön, göwnüm,