Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NEÇÜN GARA GEÝINER SEN?

NEÇÜN GARA GEÝINER SEN?


Saňa diýrem, şirin janym,

Neçün gara geýiner sen?

Hemrahym, dinim, imanym,

Neçün gara geýiner sen?


Dosty, duşmanyň garaşar,

Ak ýüze zülpüň dolaşar,

Saňa gyrmyzy ýaraşar,

Neçün gara geýiner sen?


Gülaby, gülnün. gunçasy,

Guçmaga biliň niçesi,

Uly baýramnyň gijesý,

Neçün gara geýiner sen?


Nahany begler nahany,

Keşt edip geldim jahany,

Hemrahymyň şirin jany,

Neçün gara geýiner sen?