Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MARAL ZEÝRENDY

MARAL ZEÝRENDÝ


Sapar aýyň on dördüne, bäşine,

Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi,

Uzak degil, ujadagyň başynda,

Şu dagda bir maral ýaman zeýrendi.


Meger çölde gezen niçik beladyr,

Her nala çekişi janym  aladyr,

Öz bagymdan gelen maral boladyr,

Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi.


Duşmanlar jem bolup, gelse daşyna,

Bilmen ne söwdalar düşer başyna,

Gurban olam gözden akan ýaşyna,

Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi.


Bu daglardan niçe aşyk ötendir,

Bir niçesi myradyna ýetendir,

Tebrene bilmeýen maral ýatandyr,

Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi.


Aşyk Hemra arzyn aýdar hudaýa,

Bu öten günleri bolupdyr zaýa,

Dyzyndan aşagy batmyşdyr  laýa,

Şu dagda bir maral ýaman zeýrendi.