Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SÖWDÜGIM

SÖWDÜGIM


Baglarynda elwan güller açylmyş,

Miwesi kemala gele, söwdügim;

Ak ýüzleriň ilahydan ýasalmyş,

Gül  ýüzleriň hala-hala, söwdügim.


Boz maralym, aç garyçgaý bakyşlym,

Dal gerdene tylla heýkel dakyşlym,

Aşyklaryň şirin janyn ýakyşlym,

Boz tarlan sypatlym, güle söwdügim.


Ýarym bilen söhbet edip göreýdim,

Dalaşyp her zaman lebin soraýdym,

Çemen içre seýl edişip ýereýdim,

Seýran etseň biziň bile, söwdügim.


Başymga düşüpdir ýüz gaýgy, älem,

Hak.aşyk men, seniň köýünde ölem,

Sen bir gül pudagy, men bir bilbilem,

Uçup-uçup gonsam, güle, söwdügim,


Egniňe ýaraşar gyrmyzy, ala,

Lebiňe ýaraşar altyn pyýala,

Hemra diýer, dostum, gitme hyýala,

Gel myradyň bizden dile, söwdügim.