Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NOW  GÜL

NOW  GÜL


Gurban  olam  zülpleriniň taryna,

Serim gurban täze gelen now güle;    

Ak ýüzünde goşa-goşa halyna,       

Başym gurban täze gelen now güle.


Bilmen ne söwdaga saldy başymny,

Alladan dilär men köňül hoşumny,

Uçurdym golumdan şunkar guşumny,

Janym gurban täze gelen now güle.


Agalar barmydyr meniň dek bolan?

Bagyn hazan urup, ýapragy solan,

Ýaryndan aýrylyp, telmuryp galan,

Başym gurban täze gelen now güle.


Oňa pida bolsun bu şirin janym,

Ýolunda sarp olsun bu hany-manym,

Saýat handyr meniň dinim, imanym,

Başym gurban täze gelen now güle.


Hemra diýer, däli-diwana boldum,

Yşkynda gam bilen sargaryp soldum,

Sergezdany bolup, telmuryp galdym,

Janym gurban täze gelen now güle.