Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HATYRJEM

HATYRJEM


Babajan; gider sen Häzirbejana,

Goja sen ogluňdan hatyrjem bolgul,

Hemrany bermes men ýagty jahana,

Baba, sen oglundan hatyrjem bolgul.


Bu gün ýar hyýaly ýadyma düşdi,

Akyl-huşum bary serimden uçdy,

Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy,

Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgul.


Ogluň üçin pinhan-pinhan ýerim bar,

Niçe dürli injirim bar, narym bar,

Mundan zyýat aýtsam, haýa-şerim  bar,

Baba, sen oglundan hatyrjem bolgul.


Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar men,

Gulap suwun berip, ýüzün päklär men,

Taňry haky üçin eziz saklar men,

Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgul.


Saýat han diýr, aýdan sözüň tutar men,

Ynanmasaň, baba güwe öter men,

Golum ýassap, ýüzün elpäp ýatar men,

Baba, sen oglundan hatyrjem bolgul.