Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝETIŞERMIKÄN?

ÝETIŞERMIKÄN?


Bir doga eýläňiz uluslar, iller,

Meniň ahym ýara ýetişermikän?

Magrupdan-Maşryga ýeten erenler,

Aşyk magşugyna ýetişermikän?


Bize hümmet bersin ol uly pirler,

Olaryň hökminde zire-zeberler,

Bir ah ursam ýanar ýedi gat ýerler,

Köňlüm yşk oduna tutaşarmykan?


Tomaşaňa geler agalar, begler,

Sürmeli gözleriň meni çoh eglär,

Ýerinden aýrylan garyp käkiller,

Ýene kah-kah urup, gülüşermikän?


Meniň köňlüm gussa bilen gamlarda,

Ýar ýardan aýrylyp, gezer her ýerde,

Iki peri hemdem bolup bir ýerde,

Bir-biriniň gadryn bilişermikän?.


Bizden aşnalygy ýat olan Selbi,

Bizi gamda goýup, şat olan Selbi,

Owwaldan Hemraga adalan Selbi,

Ýatlar -bilen oýnap, gülüşermikän?