Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HESERLI

HESERLI


Her saba gezeýdim güli-gülşende,

Baglar arasynda boldum  eserli;

Müşki-tatar moýlym,  meýna  gerdenlii,

Söwdügim, elinden boldum  eserli.


Müşki-anbar moýlaryna düzülmiş,

Humarlanyp ala gözler süzülmiş,

Asal, şeker leblerinde ezilmiş,

Zülpi zerefşanly, müşki, anbarly.


Munakgaş öýlerde, ak otaglarda,

Bilbil pygan eder soly-saglarda,

Düwürjik-düwürjik derler al  ýaňaglarda

Dür, göwher düzülmiş, çüw ýüzi derli.


Ne sebäpden güldeý meňzim sargara,

Hesretiňden bagrym başy müň para,

Iki mämäň meňzär ol goşa nara,

Alma zenehdanly, ýüzi gülerli.


Gökde bulut oýnar, derýada mahy,

Seni gören aşyk köp çeker ahy,

Hemra bir dilenji, sen jahan şahy,

Seniň dek görmedim bir semi-zerli.