Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ARZUW  EÝLÄR GURBANY MEN REHM  ETMEZMIŇ HALYMA?(MELLEK)
AŇSA OWADAN  GELIN ILLERDE
AÝ   INDI PYÝALA ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA
GEDASYDYR NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ ÝADYMA   DÜŞDY
GÖZÜŇ BILEN NER GEZGIN ÝAR,  SAŇA
GÖZELIM NÄZLI  ÝAR ZARY BILEN
GITMELI   BOLDUM ŞIRMAÝY  DARAK

REHM  ETMEZMIŇ HALYMA? (MELLEK)


Ýandyrdyň, köýdürdiň, näzli dildarym,

Eý, binurbat, rehm etmezmiň halyma?

Rast kamaty serwi, çeşmi hunhorym,

Helal gaşyn ogşamazmy kemana?


Intizaram görjek, eý peri-peýker,

Husnuň   mähtajydyr mahy-minewwer,

Örüm-örüm saçyň —  owsunjy ajdar,

Hurşyt ýüzüň ogşar genji-nahana.


Saňa aşyk bolan  ýanar, kül bolar,

Zulmuna dözmeýän namyrat galar,

Gözümiň degresi möwç urup dolar,

Gündizler — ýaş bilen, gijeler gana.


Nepes diýer, yşkyň ýandyrdy bizi,

Janymny alypdyr laglynyň sözi,

Teke, Ýomut, ärsary — türkmeniň gyzy —

Barysy gurbandyr bir Durdy hana.