Gideli ýör, keşt edip, janym gurban, ýar, saňa,
Men ki bir şeýda bilbil, bagda reýhan, ýar, saňa,
Mydam saňa miýesser bolmaz döwran ýar, saňa,
Hiç bir kimse gahr ilen, kylmaz perman, ýar, saňa,
Arz eýle, dilberim, degse zyýan, ýar, sana.
Bolaýyn sana gurban; ýakma meni oduňda.
Oglanlykda ant içdik, barmy dostum, ýadyňda?
Tussag bolup galypdyr, ýetmiş müň är aldyňda,
Rüstem Zalyň kuwwaty gören erki badyňda,
Gözüň aýla çar tarap, aşrat-döwran, ýar saňa!
Ýüzüňe salsam nazar, köňlüm bitakatlanar,
Çytsaň gaşyň bir zaman, apytap tukatlanar.
Zar çekip yşk ugrunda, golda bar zekatlanar,
Pis zamana ýaranlar, är ýigit pisatlanar.
Goşmaz zyban bilbiller, toty dahan, ýar, saňa.
Görgenler eýläp nerkes, bakabilmez ýüzüňe,
Perde tutar aý ýüzi, sürme çekseň gözüňe.
Suwhanwer toty, bilbil til goşarmy sözüňe?
Boz keýik hem jerenler kylmaz seýran düzüňe,
Ol Nepes mydam istär, hakdan iman, ýar saňa!