Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SABA BOLDY

SABA BOLDY


Balym ajam, janym  ajam,

Saba boldy, tur, git indi.

Bir boldy  gündizim-gijäm,

Saba boldy, tur, git indi.


Saba bolsa, agam duýar,      

Yzymyzdan  kowgy kowar,

Läşimizden  gurt-guş  doýar,

Saba boldy, tur, git indi.


Günüm  gussaýa  doldurar,

Syrym äleme bildirer,

Agam duýsa, meni öldürer,

Saba boldy, tur, git indi.


Mylaýym diýr, gorkym  çohdur,

Dostumdan duşmanym köpdür,

Senden gaýry ýarym ýokdur,

Saba boldy, tur, git indi.


GURBAN   BOLAÝYN


Söwdügim, kaýdan geler sep,

Ýoluňa gurban bolaýyn.

Haýsy ulusdan bolar sen,

Iline gurban bolaýyn.


Söwdügim, näge durar sen,

Ýüzüňi kimden bürär sen,

Perenjäň ýerden süýrär sen,

Halyna gurban bolaýyn.


Nala-ha, söwdügim,  nala,

Meger, peýmanamyz dola,  

Meni  şitde kimin ora,

Biliňe gurban bolaýyn.


Doldur-ha söwdügim, doldur,

Indi peýmanamyz şoldur,

Gul Nejebi özüň öldür,

Eline gurban bolaýyn.