ABADAN [abada:n]. 1. Ýerbe-ýer, abat, şikessiz . Şeýle-de bolsa, şol ýagdaýda otly onuň üstünden abadan geçip biljek däldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) 2 Parahat, dynç, agzybir. Ülkämiz abadan bolsa ýaňadan, Altyn-kümüş berer öňküden beter (Ь. Kerbabaýew, Aýlar). ABADANLAŞMAK [abada:nlaşmak], Barha abat bolmak, abadan edilmek, ýerbe-ýer bolmak. Aşgabat şähri gün-günden ösýär we abadanlaşýar. Paýtagtymyz barha abadanlaşýar («Edebiýat we sungat» gazeti). ABADANLYK [abada:nlyk], ser. A b a d a n ç y l y k. Meniň eýäm ýok, meniň abadanlygym üçin çalyşýan bir adam-da ýok diýen ses onuň gulagyna iler . (M. Ibrahimow, Ol gün geler) ABADANÇYLYK [abada:nçylyk], 1. Abadanlyk, abatçylyk, ýerbe-ýerlik. Hytaýyň abadançylygy ony haýran galdyrypdyr (Orta asyrlar taryhy) 2. Parahatçylyk, dynçlyk. agzybirlik. Hemme uly-kiçi abadançylykmydyr? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) ABAŽUR Elektrik çyrasynyň örtügi. Otagyň töründe duran ýazuw stolunyň üstünde owadan abažur geýdirilen elektrik çyrasy ýanýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Sähet bilen Çüýşegözüň üstüne çyranyň daşyndaky owadan abažuryň salgymly kölegesi düşýärdi (A. Gowşudow, Mähri-Wepa). ABAÝ Biriniň üstüne gaharly gygyryş, haýbat, hemle. Duşman edýäse abaý, Deň hatara durarys, Ony pugta urarys («Pponer» žurnaly). Abaý a tmak - biriniň üstüne haýbat atmak, hemle urmak. Ýasawul ýagmyryň üstüne gamçysyny bulaýlap abaý atdy. ABAÝ- SYÝASAT [abaý-syýa:sat]. Birini gorkuzmak, diýeniň etdirmek üçin edilýän haýbat hemle syýasat. Dünýäde şeýle gyzy men ne gördüm, ne-de eşitdim, hiç bir abaý-syýasat ony gorkuzmaýar (M. Ibrahimow Ol gün geler) Göroglynyň şunça abaý-syýasatyna garamady.(Görogly eposy) ABANMAK [a:banamak].1. Biriniň ýa-da bir zadyň üstüne göwräňi egmek, egilmek, birine ýa-da bir zada ýakyn durmak. Nazar gürrüňdeşiniň üstüne abanýar. («Kolhoz günleri»). Özi hem ele gapdalyndan üstüne abanyp odunyny ezmezlige çalyşýan eken (Myraly). 2 Gorky salmak, howp salmak. Ol öz üstüne howpuň abanýandygyny bilýärdi (M. Gorьkiý, Ene). Babahan arçyn, Halnazar baý ýalylar gamçylaryny çommaldyp, üstüňize abanyp durmazlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) ABANYŞMAK [a:banyşmak], Biriniň ýa-da bir zadyň üstüne eglişip durmak, biriniň ýa-da bir zadyň üstüne gezelişip durmak. Şonda olar ýaraly köpegiň üstüne abanyşyp durdular. Göm-gök daglar üstüňe abanyşyp durdular («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gazanyň üstüne abanyşyp durmaň! ABAT [a-ba-t], 1. ser. A b a d a n. 1. 2. Ýykylman-ýumrulman galan, zyýan etmedik, zaýalanmadyk, bitin. Hezir köne obanyň abat jaýyndan bibat jaýlary köpdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bardi elimizde el ýaly deri, Ýokdy ol elhenjiň bir abat ýeri (Nüry Annagylyç, Saýlanan eserler). 3. Tertibe salnan, rejeli edilen, bezelen, gurnalan. Abat etsin doganymyz öýüň. (N. Pomma, Saýlanan eserler). 4. göç. m. Ahlak taýdan arassa, bozulmadyk (adam hakda). ABATLAMAK [a:ba:tlamak], Abat etmek, düzgüne salmak ýerbe-ýer etmek, abadan görnüşe salmak. Aýsoltan uruş odunyň ýeten ýerindäki bolan weýrançylyklary abatlamagyň gerekdigine düşünýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol watan haýyny däl, alyhezret, onuň, pikirleri watany abatlamakda (M. Ibrahimow, Ol gün geler) ABATLANMAK [a:ba:tlanmak], Abat bolmak abat edilmek, düzgüne salynmak, dikeldilmek, bejerilmek . Watanymyz abatlansyn, Siz ýurtdaşlar, hoş geldiňiz! (Mollamürt, Saýlanan eserler). ABATLATMAK [a:ba:tlatmak] , Abat etdirmek, abat görnüşe saldyrmak, tertibe saldyrmak, rejeletmek. Jaýy abatlamak. ABATLYK [a:ba:tlyk] , 1. Döwük-ýenjik dällik, bozuk dällik, ýerbe-ýerlik, abadanlyk, bitinlik . Aýala-ekege ýet-di azatlyk, Haraba galmady,. boldy abatlyk.( molla murt, Saýlanan eserler). Bentleryň we kanallaryň doly abatlykda saklanylmagy gerek (Gadymy Dünýä taryhy). 2. Parahatlyk, dynçlyk Biz abatlyk parahatlyk isleýäris . (B. Pürliew, Ilkinji gün). Duman deý syryldy, ýok gaýgy-gamyň, Halkyň abatlygy seniň ylhamyň (N. Pomma, Saýlanan eserler). ABATÇYLYK [a:ba:tçylyk] , ser. A b a t l y k. |