SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ABR

ABRAÝ [a:braý], 1. Hemmeler tarapyndan ykrar edilen ynam, hormat, sylag.

Her kim öz güýjünden daşary gitse, Abraýdan düşer, masgara bolar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

2. Şöhrat. Türkmenistanyň opera we balet teatrynyň kollektiwa uly abraý gazandy («Mydam taýýar» gazeti). Tsement üweýji hem işçileriň arasynda uly abraýdan peýdalanýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). * Abraýdan salmak — abraýdan düşürmek, abraýyny gaçyrmak.


ABRAÝLY [a:bra-ýly], 1. Abraýdan peýdalanýan, abraýa eýe bolan, hormatly, şöhratly, sylanýan. Ata-eneler her bir tarapdan iň abraýly adamlardyr (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika).

2. Edepli, medeniýetli, terbiýeli.

Abraýly ýere ust-başyň temizräk barsaň, meniň-ä şärik zadym şol — diýdi («Tokmak» žurnaly). Abraýly maşgala.


ABRAÝLYLYK [a:braýlylyk], Abraýa eýe bolmaklyk, uly ynama, hormata mynasyplylyk.


ABRAÝSYZ [a:braýsyz], Hiç kim tarapyndan hormat goýulmaýan, biabraý, sylagsyz. Abraýsyz işgär. Abraýsyz adam.


ABRAISYZLYK   [a:braýsyzlyk], Hiç   kim  tarapyndan hormat goýulmazlyk, biabraýlyk, sylagsyzlyk. Abraýsyzlyk işe zyýan edýär.