ABZAL. 1. Esbap, gural. Soň Çoýan atyna mundi, Alyp gerek abzallary (R. Seýidow, Bagtlylar). 2. Maşynyň ýa-da başga zadyň şaýy, enjamy, bölegi. Mehaniki abzallaryň ähmiýeti örän uly (Ata Salyh, Saýlanan eserler). ABZALLAMAK, ser. Abzallaşdyrmak. ABZALLATMAK, Abzal, gural bilen üpjün etdirmek. ABZALLAŞDYRMAK, Gerekli esbaplar, gurallar, şaýlar bilen üpjün etmek, enjamlaşdyrmak. Olar mekdebiň sport meýdançasyny abzallaşdyrdylar («Pioner» žurnaly). Mekdebiň miweli bagyndan we gök ekininden giren ep-esli girdeji , ussahanany oňat abzallaşdyrmaga kömek etdi («Sowet Türkmennstany» gazeti). ABZALLAŞDYRYLMAK, Esbaplar, gurallar, şaýlar bilen üpjün edilmek, enjamlaşdyrylmak. Korolyň köşgüniň owadan abzallaşdyrylmagy feodallaryň ünsüni çekipdir (Orta asyrlar taryhy). Garry-gala raýonynyň 4-nji ýediýyllyk mekdebinde ussahana abzallaşdyryldy («Sowet Türkmennstany» gazýeti). ABZATS, 1. Birneme içginrek ýazylýan setir başy. 2. Şonuň ýaly iki setir başynyň arasyndaky tekst. Ol görnukli işgärleriň, gazýetlerde çap edilýän sözlerinden tutuş abzatslary ýat tutýardy (N. Jumaew, Ak derek). |