SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ABS

ABSENTEIZM, Kapitalistik ýurtlarda: Jemgyýetçilik işlerine, ýygnaklara, saýlawlara gatnaşmak-dan boýun gaçyrmaklyk.


ABSENTEI'ST, Absenteizmiň tarapdary.


ABSOLÝUT, 1. Idealistik filosofiýada: hemişelik, üýtgemeýän, wagta we giňişlige garaşly bolmadyk ha-dysalaryň ilkinji esasy. Absolýut hakykat. 2. Hiç zada bagly bolmadyk, hiç zatdan asyly bolmadyk.

Göýä synplardan ýokarda durýan şu absolýut hökümetiň beýle ýaramaz işi näme üçin hut içerki ýaşaýyşda haryt hojalygynyň, söwdanyň we senagatyň ösmegi bilen häsiýetlenýän döwre gabat geleýdike? (W. I. Lenin, Eserler). 3. Bütinleý doly hukukly. Frantsuz koroly absolýut hökümdar bolupdyr (Orta asyrlar taryhy). * Absolýut ululyk — matematnkada goşmak ýa-da aýyrmak alamatsyz alnan san.


ABSOLÝUTI'ZM, Patyşanyn çäklenmedik hökümdar-lygyia esaslanan  döwlet   gurluşy,  çäksiz   häkimietli monarhiýa. Absolýutizmits etsilmegi.


ABSOLÝUTIST, Absolýutizmiň tarapdary.


ABSOLÝUT1STIK,    Çäklenmedik    häkimlilik.   

Ab-solýutistik,   azat   we    tsiwilizlenen    Angliýa çenli, buržuaz jemgiýetiň zerur organy bolan bu edarany hemme erde görýeris (W. I. Lenin, Eserler).


ABSORBENT, him. Dürli maddalaryň bölejiklerini özüne birikdirýän jisim.


ABSTRAGIRLEMEK, Abstraktlaşdyrmak, uyumylaşdyrmak, abstraktsiýa geçirmek. Abstragirlemegiň netijesine abstraktsiýa diýilýär (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


ABSTRAGIRLENMEK, Abstraktlaşmak, umumylaşmak.


ABSTRAKT, filos. 1. Konkret däl, abstraktsiýa esaslanan, umumy. Abstrakt düşünjeler predmetleriň di-ňe bir aýry-aýry alamatlaryny görkezýärler (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Bu ýazyjylar hem utopistdiler. olar hem öz planlaryny abstrakt ideýa esaslandyrýardylar (W. I. Lenin, Eserler).

2. Aýdyň däl, düşnüksiz. Abstrakt düşünje.


ABSTRAKTLYK, 1. Konkret dällik, abstraktsiýa esaslananlyk, umumylyk. 2. Aýdyň dällik, düşnüksiz-lik.


ABSTRA'KTSIÝA, 1. Predmetiň, wakanyň, hadysanyň sap, düýp kanuny alamatlaryny, esasy manysyny ýüze çykarmak maksady bilen, haýsy-da bolsa beýleki käbir häsiýetlerini, alamatlaryny pikirde aýryş.

2. Umumy düşünje, teoretiki umumylaşdyrma. 3. Düşnüksiz pikir, umumy düşünje, aýdyň dällik, umumylyk. Dogry abstraktsiýa — zatlaryň mazmunyny suratlandyrýar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


ABSTSE'S, med. Organizmiň bir agzasynyň kesellemegi netijesinde ýygnanýan Irin, irinli ýara.


ABSTSI'SSA, fiz. Tekizlik ýa-da göwrüm nokatlarynyň ornuny anyklaýan üç koordinatyň biri. Abstsissa okuny göwrümler oky diýip kabul edýäris («Fizika kursy»).