SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

APB

APBASY [apba:sy], 1. Ýigrimi köpüklik pul mukdary.

Maňa bir apbasy bersene! — diýip, Maslow aýgytlylyk bilen aýtdy-da, agyr elini egnine atdy (M. Gorьkiý, Eserler).

2. Aýal köýneginiň öňüne dakylýan ýaprak ýaly ýasy, kümüşden edilen bezeg şaý. Onuň boýnunda goşa towuk, gyzylly apbasylaryň aşak etegin-de gönjük, iki ýan gapdalynda tumar, barmaklarynda hatar ýüzükdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

                                                    


APBASYLYK [apba:sylyk], Ýigrimi köpüklik şaýy pul.