SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖÝG

ÖÝD

ÖÝJ

ÖÝI

ÖÝÝ

ÖÝK

ÖÝL

ÖÝM

ÖÝÖ

ÖÝS

ÖÝT

ÖÝÜ


ÖÝ, 1. Esasy tärimlerden ybarat, ýokarky bölegi , uk we tüýnük arkaly birleşýän, üsti keçe bilen örtülen tegelek görnüşli ýaşalýan jaý. Aýna şol wagt öýüň töründe keşde güýmenip   otyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şu öýde bolan waka aňyrsy-bärsi, on bäş minuta ýetmän gutarypdyr (A. Gowşudow, Eserler).

Kireýsiz kilim kakylmaz, ojaksyz öýe bakylmaz (nakyl).

2. Ýaşalýan jaý, tam. Biziň öýümiz Kemine köçesinde.

3. göç. m. Käbir haýwanyň, mör-möjegiň ýaşaýan ýeri. Çybyk bilen arynyň öýüni gorjady (N. Pomma,, Taýlak hyzzyn).

<> Öý işi — ser. I ş. Dynç alynýan güni öý işi bilen meşgullanmak.

<>Öý  hojalykçy aýal —  ser. Aýal.

Öýüni  ýykmak— çykgynsyz ýagdaýa salmak, işini gaýtarmak.

Medeniýet  öýi — her hili medeni-köpçülik işleri geçirilýän jaý. Respublikamyzda medeniýet öýlerine, okuw jaýlaryna Leniniň ady dakyldy («Sowet Türkmenistany» gazeti).

Ölümiň  öýünde —  ser.ÖlümI.

Çagalar öýi — hossarsyz çagalary terbiýeläp ýetişdirýän edara.