SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖÝD

ÖÝE

ÖÝG

ÖÝJ

ÖÝI

ÖÝÝ

ÖÝK

ÖÝL

ÖÝM

ÖÝÖ

ÖÝS

ÖÝT

ÖÝÜ


ÖÝJÜK, 1. Kiçijik-kiçijik, çukurjyk.  2. biol. Janly organizmiň gurluşynyň protoplazma, ýadro we daşky perdeden ybarat iň sada birligi. Köp wagtlap uklamazlyk beýniniň nerw öýjükleriniň ejizlemegine eltýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kelemiň saralan ýapraklarynyň  öýjüklerine uns beriň! («Pioner» žurnaly).

3. Bir zadyň merkezi, jemlenen ýeri, jümmüşi. Orta Aziýadaky zulum-sütemiň soňky öýjügi ýumrulypdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol zehiniň öýjügi ekeni («Tokmak» žurnaly).

Arynyň öýjügini  gorjamak — ser. A r y.


ÖÝJÜKLI, Öýjüklerden ybarat bolan, öýjüklere bölünen.