SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖÝD

ÖÝE

ÖÝG

ÖÝJ

ÖÝI

ÖÝÝ

ÖÝK

ÖÝL

ÖÝM

ÖÝÖ

ÖÝS

ÖÝT

ÖÝÜ


ÖÝDEMEK I, (dokma). Bir setir çitip çykmak, öýdüm etmek  (haly dokalanda).


ÖÝDEMEK  II, Üýşmek ownuk zadyň içinden irilerini saýlap almak.


ÖÝDEÇI,  1. Öýde bolmagy halaýan, öýde köp bolýan.

2. Öý hojalygyna degişli bolan, öýde, elde saklanýan. Eldeki (öý haýwanlary hakynda). Olar öýdeçi mal sürülerini gorap saklamaly we olaryň köpelmegine kömek etmeli bolupdyrlar (SSSR taryhy). Ýitgiň öýdeçimi, düzdeçi?   (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖÝDÜM, dokm. Çitim setiri (haly, palas, hakda). Halyçylar halynyň ahyrky öýdümini çitýärler.