ÖÝERILMEK, Gelin, aýal alnyp berilmek, öýli-işikli edilmek. Öerilýän oglan hakykatdan-da on iki ýaşynda bolup, gelniň, söýgiň heniz ysny hem alman, umumy şagalaňa gyzykmak bilen atbaşçydan gelen ýabylary gezdirip ýördi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) .
ÖÝERMEK, ser. Öýlendirmek. Aknabat eje Annagulyny öýermek meselesini orta atdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Garly uly ogly otuz ýaşyna ýakynlaşanda, ony öýerdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
ÖÝERTMEK, Gelin, aýal aldyrtmak, öýli-işikli etdirmek. Aman aga ogluny öýertdi. Gara öýüň durlugynyň daşyndan tuýtulýan örülen gamyş. |