ÖÝKE, Birinden närazy bolup ýa-da göwnüň galyp, kine saklamaklyk, nägile, kine. Iki doganyň arasyndaky öýke aýryldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz toý (nakyl). <>Öýkesini ýazmak öýkesini açmak, gaharyny ýatyrmak.
ÖÝKE-KINE [öýke-ki:ne], ser. Ö ý k e. Öýke-kine etmek. Öýke-kinäni ýok etmek.
ÖÝKELEK, Sähelçe zat üçin öýkeleýän, az zat üçin öýke-kine edýän, sähel zady göwnüne alýan, ynjyk. Bu şeýle bir öýkelekdir welin, heý, sen goýaý! (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Öýkelek çaga. Öýkelek oglan.
ÖÝKELEMEK, Birinden öýke etmek, kine etmek, birinden nägile bolmak, göwnüň galmak. Bizden öýkeläp gelmän ýörmükä?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). It öýkelese, eýesi duýmaz, pişik öýkelese bibisi (nakyl).
ÖÝKELETMEK, Birini öýkeli ýagdaýda goýmak, birniň göwnüne degmek, öýke-kine etdirmek. Aýnany gabanjaňlyk atyna mündüren, ynjydan, Artykdan öýkeleden, elbetde, şol ýagdaýdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biderek zat üçin öýkeletmek.
ÖÝKELEŞMEK, Biri-birinden göwnüň galmak, biri-biriňden öýkeli bolmak, köp bolup öýkelemek. Häzir öýkeleşip durmaga wagt ýok (N. Jumaew, Ak maýanyň ýoly).
ÖÝKELI, Birinden öýke-kine edýän, kine saklaýan, birinden göwni galan, gileli, kineli. Ol öýkeli göleri bilen meniň ýüzüme seretdi («Sowet edebiýaty»žurnaly).
ÖÝKELELIK, Öýkeli halda bolmaklyk, biri bilen gilelilik, kinelilik.
ÖÝKEN, Adamlaryň we oňurgaly haýwanlaryň dem alyş organy. Öýkenini sowuk alany üçin ölenligi barada gürrüň berdi (B. Pürliew, Ilkinži gün), Çekimli sesleri aýdanymyzda, öýkenden gelýän howa owaz perdelerini titredýär. <> Öýken keseli goýun, geçi ýaly ownuk mallaryň öýkenine degýän, üsgürdýän kesel. Öňküsi ýyl näçe goýnuň öleni ýadyňdan çykdymy? Goýunlaryň näçesi öýken keseline duçar bolupdy? («Kolhoz günleri»).
ÖÝKENLEMEK, wet. Mala öýken keseli degmek. Sowuk degip öýkenlemek.
ÖÝKENLI, wet. Öýken keseli bilen kesellän. Öýkenli mallary bejermek işini ýola goýmak.
ÖÝKESIZ, Öýke-kine saklamaýan, öýkeli däl, kine-siz. Açyk gök ýüzünde guşlar jürleşip, Dostlukda öýkesiz, kinesiz saýrýar (R. Seýidow, Bagtlylar).
ÖÝKÜNDIRMEK. 1. Birine ýa-da bir zada öýkünmegi mejbur etmek, bir nusga boýunça meňzeş etdirmek. 2. Biriniň hereketine, sözüne meňzetdirmek. Bagşynyň agzyna öýkündirmek.
ÖÝKÜNJEŇ, 1. Bir zady bir nusga boýunça edýän, bir nusga meňzetmegi başarýan. 2. Başga biriniň bolşuny hut özi ýaly etmegi oňarýan, öýkünmegi ökde başarýan. Öýkünjeň bu çopanyň repertuary biçak uly ekeni (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Öýkünjeň adam. Öýkünjeň masgarabaz.
ÖÝKÜNJEŇLIK, Öýkünjeň bolmaklyk, öýkünmäge türgenlik, birine ýa-da bir zada öýkünmäge ökdelik.
ÖÝKÜNIBERMEK, Öýkünmäge başlamak, öýkünmegini dowam etdiribermek. Gürrüň edip oturana öýkünibermek. Täze çykan moda öýkünibermek.
ÖÝKÜNILMEK, 1. Bir nusga boýunça edilmek, bir zada meňzedplmek. 2. Başga biriniň hut öz bolşy ýaly edilmek.
ÖÝKÜNIŞMEK, 1. Biri-biriňden nusga, görelde alyşmak. 2. Biri-biriň bolşuňa, sözüňe, hereketiňe öýkünmek, bilelikde öýkünmek.
ÖÝKÜNMEK, 1. Bir zady bir nusga boýunça etmek, biriniň
<> Agza öýkünmek ser. A g y z. Pökgen ogly agzyna öýkünendir öýdüp, hiňlenmesini tapba goýdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). |