ÖÝME, Aýal-gyzlaryň başyna daňylýan ýuka ýüpek ýaglygy. Ol börügini ykjam daňnyp, seçekli öýmesini onuň üstünden göýberdi (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Saçlaryny öýmesi bilen oraşdyryp, ýeňsäk atyp göýberdi («Kolhoz günleri»).
ÖÝMEK, Hamyr bölegini eliň aýasynda togalap eýlemek. <> G a n öýmek ser. G a n. Onuň ýüzi tutuşlaýyn besse-besse bolşup, gan öýüpdir (A. Gowşudow, Eserler).
ÖÝME-ÖÝ, Ýeke-ýekeden, öýleriň hemmesine, öýleriň baryna, birin-birin, gapyma-gapy. Özüniň önüp-ösen obasyny hut şu gün birinji gezek görýän ýaly, ony öýme-öý gözden geçirdi (B. Gurbanow, Duşuşyk). |