SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖÝD

ÖÝE

ÖÝG

ÖÝJ

ÖÝI

ÖÝÝ

ÖÝK

ÖÝL

ÖÝM

ÖÝÖ

ÖÝS

ÖÝT

ÖÝÜ


ÖÝIN-ÖÝIN [öýi:n-öýi :n], ser. Öýme-ö ý. Olar öýin-öýin saňa jerime salar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Öýin-öýin aýlanyp çykmak. Öýin--eýin habar bermek.


ÖÝ-IŞIK [öý-i:şik], ser. Ö ý. Meniň şu wagtlara çenli öýüm-işigim hem ýok («Sowet edebiýaty» žurna-ly).

<> Öý-işik bolmak — hojalyk gurup ýaşamaga başlamak, durmuş gurmak, öýlenmek. Ol özüniň ilki çagasy bolan Baharyň bir gün başga biri bilen öý-işik bolmalydygyna ýaňy düşünen ýaly boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÖÝ-IŞIKLI [öý-i:şikli], Hojalyk gurup ýaşaýan, öýnlenip özbaşdak hojalyk bolup ýaşaýan. Seniň bilen deň-duşlar eýýäm öýlenip, öý-işikli boldular (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).