SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖRG

ÖRD

ÖRE

ÖRI

ÖRK

ÖRM

ÖRŇ

ÖRP

ÖRT

ÖRÜ

ÖRÇ

ÖRÄ


ÖRI [ö:ri], Mal bakylýan otluk meýdan, ýer, otlag, ýaýla. Hemişe, heniz daň saz bermänkä öre çykmaga endik bolan süri eýýäm örüp tolkunyşmaga  başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Iri mallar ýakyn örülerde bakylýar («Kolhoz günleri»).

<> Örüsi giňemek — dünýäsi giňemek, gatnaşyk edýän artmak, ýaýnamak. Mehinliniň örüsi giňemek bilen, onuň durmuşa bolan talaby-da artdy  (B. Kerbabaew, Aýgytly  ädim).

Öri çekmek — 1) çaganyň oýun bilen gyzyklanyp,  özüniň  azaryny ejesinden sowmagy; 2) ýaş owlak-guzularyň, köşekleriň otlamaga gitmegi.