SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖRG

ÖRD

ÖRE

ÖRI

ÖRK

ÖRM

ÖRŇ

ÖRP

ÖRT

ÖRÜ

ÖRÇ

ÖRÄ


ÖRME [ö:rme], 1, Örülip taýýarlanylan, örülip bejerilen (jorap we ş. m. önüm hakda). Beýle gapdalymyzda çägesöw kenar boýunda örme kepbe ýykylyp  ýatyr-dy («Sowet edebiýaty» žurnaly]). 2. Tarlary biri-biriniň içinden geçirilip işilen, örülip timarlanan (ýüp, saç we ş. m. hakda). Gyzyň örme gara saçlary Begenji gozgalaňa saldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÖRMEK [ö:rmek] I, 1. Ýörite çiş ýa-da maşyn arkaly ýüplükden, erişden we ş. m. önüm taýýarlamak. Täze awtomatyň oturdylmagy jorap örmekde öndürijiligi ýokarlandyrmagy üpjün etdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Saçy ýa-da käbir ösümlikleriň baldaklaryny biri-biriniň arasyndan geçirip birleşdirmek, işmek, Mele saçyn örup, ýeňsede duýrläp, Rus aýaly otyr oglun gujaklap («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Biri-biriniň üstüne tertipli goýup galdyrmak. Eýýäm 40 müň sany kerpiç. örüpdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖRMEK [ö:rmek] II, 1. Gögerip başlamak, gögerip çykmak (ot hakda). Bahar gelip ot örende, Gür tokaýda döwran sürer («Mydam taýýar» gazeti). Ýazyň şemaly ýaňy, ören gök otlaryň, ýowşanlaryň ysy bilen ösýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Tüý çykmak. Onuň kellesine täze ören selçeň gara tüýleri onuň ýüzüni öňküsinden biraz üýtgeden ýalydy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Ýalaňaç eňegine bolsa iýmeşik gara gyllar örüpdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Beden-de her hili düwürtik peýda bolmak. Çaga gyzamyk çykanda, bedenine örgün örýär. 4. Köplük bolup aýaga galmak, birden turup gitmek. Mugallym turanda, okuwçylar-da ördi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Eziz laňňa galdy töwgregindäkiler hem ördüler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gäwüşin çalyp parahat ýatan süri gürre örýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

5. Bilelikde uku-dan turmak, oýanmak, turmak. Niçik? Sag-aman ördüňizmi?! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

 <> Bir öýden örmek — bir maşgalada ýaşamak, bir öýde ýaşamak, durmuş gurmak, Eger Aýna-da Artyk bilen bir öýden örse, onda onuň dünýäde kemi galmajakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).