SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖRG

ÖRD

ÖRE

ÖRI

ÖRK

ÖRM

ÖRŇ

ÖRP

ÖRT

ÖRÜ

ÖRÇ

ÖRÄ


ÖRT: ört almak — oda çawlanyp garalmak, oda çawlanyp ýanmak, köýmek. Ýadyňdamy öten ýaz, Burawyň ört alany? («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Gara ört bolmak — gaty garalmak, ýanyp garalmak, köýmek. Güne gezip gara ört bolmak. Çöregiň ýüzi gara ört bolupdyr.


ÖRTGI, Bir zadyň daşyny ýapmak, ýüzüni örtmek üçin ulanylýan zat. Otaga giren ýeriňde üsti ak örtgi ýapylan stol dur (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÖRTDÜRMEK, 1. Bir zadyň üstüni basyrtmak ýa-da bir zady ýapdyrmak. Tamyň üstüni tolь bilen örtdürmek.

2. g. m. Jenaýaty gizletmek, günäni ýaşyrtmak.


ÖRTEMEK. Bir zada gynandyryp azap çekdirmek, gün ýamanyny görkezmek, horlamak, ýakmak. Laçyn kibi gyýa bakdym, Örtedim, janymy ýakdym («Görogly» eposy). Meni has örten hem şol boldy (G. Muhtarow, G. Seýitliyew, Kümüş gapyrjak).


ÖRTENDIRMEK,  Birini  örtemek, örtäp gynandyrmak, gün ýamanyny görkezmek, ýakmak.


ÖRTENMEK, Bir zada gynanyp, janyňy ýakmak, gün ýamany görmek, horlanmak, ýanmak. Menden özge gyzgyt däldir dünýäde, Emma men örtenýän başga bir zada («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖRTI, ser. ÖRTGI. Çadyrlaryň gapy örtüleri aldygna şapyrdap,darty ýüpleri batly   hallanlaşýardy (B. Gurbanow, Duşuşyk). Çep böwürde örtüsi ýyrtylyşan köne diwan, stol bilen diwanyň aralygynda içi gazet-žurnalardan doly şkaf durdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÖRTMEK, 1. Üstüni ýapmak, büremek. Ýaz gelende, beýik dagy örtüp duran ak garlar, Eräp-eräp, derýa bolup, uzaklara akýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Öňüni tutmak, öňüne gabat bolmak. Günüň ýüzüni topbak bulut örtdi («Mydam taýýar» gazeti). 3. göç. m. Ýaşyrmak, gizlemek (waka, gürrüň we ş. m. hakda). Olar öýlerinde bolan wakany örtdüler.


ÖRTÜK, 1. ser. Örtgi. Çykypdyr örtükden aýajyklary, Tiz bol! Tiz bol! Düş öňe, ýöri! (A. Atajanow, Iki poema). 2. Bir zadyň ýokarky, üstki gatlagy.

ÖRTÜLMEK, 1. Üsti ýapylmak, bürelmek. Onuň gözleriniň şöhlesi öçdi-de, gabaklary örtülip galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bölek-bölek aksowult daşlar dürli-dürli agaçlar bilen örtülipdir (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). 2. Öňi tutulmak, öňüne gabat gelmek. Aýyň ýüzi gara menekler bilen örtülipdir.

3. göç. m. Ýaşyrylmak, gizlenilmek (waka, gürrüň we ş. m. hakda).


ÖRTÜNJE, Örtünmek üçin enjam, ýapynja. Adamlar örtünjelerini başlaryna bürenişip, yklaryny bakyşyp, döwum-dişlem çörek iýdiler (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde).


ÖRTÜNMEK, Öz üstüňe örtmek, ýapynmak, bürenmek. Uklapdyr düýürlenip ikijigi-de, Üstlerine örtünip köne jiltge (A. Atajanow, Iki poema).