SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖRG

ÖRD

ÖRE

ÖRI

ÖRK

ÖRM

ÖRŇ

ÖRP

ÖRT

ÖRÜ

ÖRÇ

ÖRÄ


ÖRÜZMEK [ö:rüzmek], 1. Ürküzip uçurmak, ürküzmek. Bilbilin örüzdim bagyndan, Dolandym soly-sagyndan («Görogly» eposy).

2. Aýaga galdyrmak, ör turuzmak, turuzmak. Pökgeniň öýündäki oturanlary örüzen hem şu adamynyň mojuk sesidi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. Ukudan turuzmak, oýatmak, oýandyrmak. Turan galmagal ýatanlary örüzdi.

4. göç. m. Üstüne çozdurmak, küşgürmek.


ÖRÜLMEK [ö:rülmek], 1. Tarlary biri-biriniň içinden geçirilip işilmek, örüp gutarylmak. Ol gyzynyň iki örülen uzyn saçlyja kellesini sypalady. («Mydam taýýar» gazeti).

2. Ýörrite çiş ýa-da maşyn arkaly ýüplükden, erişden we ş. m. torlanyp önüm taýýarlanmak. El bilen örülen irimçik matalar geýim, halta we başga zatlar üçin ulanylypdyr (SSSR taryhy). 3. Biri-biriniň üstüne endigan rejelenip goýulmak. Mis ýaly kerpiçleň oklaw dek kileň, Dogry örülşine galardy täsin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖRÜM [ö:rüm], 1. Saçyň örülişi, işimi. Şahyr goşgynyň dowamynda saçlary dört örüm türkmen gyzlaryny taryplaýar. Enäniň çal saçlarynyň örümleri ýygyrt atan ýaňaklaryna dökülipdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Çägesew erlerde gazylan guýyny berkitmek üçin onuň iç ýuzüne sözen, ýylgyn ýaly agaçlar örülip edilen desga.


ÖRÜNMEK [ö:rünmek], 1. Öz saçyňy özüň örmek. Sonajyk indi öz saçyny özi örünip bilýär. 2. Özüň üçin bir zat örmek, örüp taýýarlamak. Ol özüne bir ýüň jorap öründi.


ÖRÜŞMEK [ö:rüşmek] I, Örmäge kömekleşmek (jorap, geýim, saç we ş. m. hakda). Bibi gelnejesine Jorap örüşýär.


ÖRÜŞMEK [ö:rüşmek] II, 1. Ýeke-ýekeden turup başlamak, örüp başlamak, turuşmak. Goýunlar örüşip başlady. 2. Yzly-yzyna turşup başlamak, oýanyşyp başlamak, ukudan oýanyşmak. Çagalar ýeke-ýekeden örüşip başladylar.