SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖRG

ÖRD

ÖRE

ÖRI

ÖRK

ÖRM

ÖRŇ

ÖRP

ÖRT

ÖRÜ

ÖRÇ

ÖRÄ


ÖRK, Daňy,  bag.

<> Örküňi  üzmek —  Ýerden ýa-da başga bir zatdan araňy daşlaşdyrmak, uzaklaşmak. Obadan-da biziň örkümiz üzdüň, Baryş-gelişleriň kesdiň baryny («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖRKLEMEK, Maly otarmak üçin otluk ýere daňmak. Bir uly  çynaryň  üstünden  bardy  we  onuň saýasynda atyny örkläp, dynç almakçy boldy   («Türkmen ertekileri»).


ÖRKLENMEK, Otarylmak üçin otluk ýerde daňylmak.Olar örklenen ulaglaryň başga hiç birine hem ýakynlaşmandyrlar  (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ÖRKLETMEK, Otarmak üçin otluk ýerde daňdyrtmak.Ol, oglanlaryň birine atyny otluk ýerde örkletdi.


ÖRKLEŞMEK, Örklemäge kömekleşmek. Mallary örkleşmek. Myhmanlaryň atlaryny örkleşmek.


ÖRKLI, Otarylmak üçin otluk ýere daňlan. Şol arada hiç bir maslahata hem garaşyp durman, suw tutýanlardan bir ýigit örkli duran iş ýabylaryndan münüp, gala baka ýüzin salyp gidýär (A. Gowşudow. Powestler we hekaýalar).


ÖRKÜÇ, 1. Düýäniň arkasynyň tüňňi ýeri. Ýükçi, arawanalaryň ýük çekmekden ýaňa örküjiniň gapdallary ýagyr bolardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Dagyň we ş. m. depesi, beýik ýeri, geriş. Dag örküçlerinden ýaňy saýlanan Gün özüniň şöhlesini äleme bolluk bilen ýaýradyp başlady. Kanalyň örküç bolup ýatan raýşy çägelik bilen gowaça meýdanynyň araçägi bolup hyzmat edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. göç. m. Bir döwrüň, wagtyň, paslyň ýa-da wakanyň ortasy, aýgytly wagty. Ýanwarь aýy gyşyň örküji hasaplansa-da, örän maýyldy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÖRKÜÇLEK, Uly örküçli.


ÖRKÜÇLEMEK, Tolkun atyp beýik-beýik örküç emele gelmek (deňiz suwy hakda). Söze salym wagt  geçmänke, şemal turup, örküçläp ugran gomlar howatyr etdirýärdi («Mydam taýýar» gazeti.