IÇ
|
||
IÇ, 1. anat. Göwrede aşgazanyň, içegäniň, böwregiň we ş.m. ýerleşen yeri. Gözüň agyrsa, eliňi çek, içiň agyrsa damaňy.(nakyl). 2. Bir zadyň tutýan göwrümi, ortasy, zat sygyp ýerlişip bilýän ýeri. 3. Kömekçi söz rolunda : Ol kabinetiň içinde iki ýana gezim etdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). * Iç gepletmekBiri ýa-da bir zat barada pikir, alada edip, içiňden gürlemek, daşyňa çykarman öz-özüňden gürlemek. Mährijamal içini gepledip, assa ýöräp, şol wagt top depip, oýna gyzan Keljä ýakynlaşdy (A. Gowşudow, MähriWepa). Iç gysmak edere iş tapman ýa-da ýekelikden ýaňa karar tapyp bilmezlik. Iç dökmek ýüregiňdäki zatlaryň baryny aýtmak, bütin duýgularyňy beýan etmek, bir zat hakdaky pikiriňi doly aýtmak. Durdy başga ýerde agzyna ykjam bolsa-da, Artyga içini dökdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Iç ýakmak diýleni ters etmek, gahar getirmek, jana degmek, gynandyrmak. Sen beýdip meniň içimi ýakma-da, ynanmaly zada ynanaý! (N. Pomma, Egri eýikmez). Içde it uwlamak ýaman ajykmak. Içi düşmek bir zadyň içi zaýalanmak, harap bolmak. Aslynda, gawun-garpyz hem bişenden soň, içi düşýändir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). I ç i-i ç i n d e n geçmek1) bir näçe günläp iým ýa nahar iýmezlik. Ol sygryň içi-içinden geçip dur; 2) horlanmak. I ç i--içine sygmazlyk ylgamakdan ýa-da gahar-gazapdan ýaňa çalt-çalt dem almaklyk. Ol içi-içine sygman zordan gürledi. Içi pikirli etjegini içinde saklaýan, pikirini daşa çykarmaýan, içinden oýlanyp ýören. Içini üzmek bir zadyň esasy bölegini, köp essesini almak. Içiň gorulmak gaty ajykmak. Ol haçan içi gorlandan soň öýüne gaýdyp gelýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Içiň ýanmak bir zadyň ahmyryny edip, gaharlanyp ýörmek, Içinde saklamak aýan etmezlik, syr bildirmezlik. Içiňden geçip barmak gaty üşemek, ýiti täsir etmek. Içiňi boşatmak ser Iç dökmek. Içiňi it ýyrtmak ynjalyksyzlanmak, howlukmak, gyssanmak. Onuň şu wagt içini it ýyrtýandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Içini sowatmak edeýin diýip ýören zadyňy edip, ahmyrdan çykmak, keýpden çykmak. Ony öz edeninden hem artygrak edip aldadym, şeýdip hem içimi sowatdym diýdi. Içiňi tutup galmak birinden ýa bir zatdan aldanmak. Içiňi urup g a l m a k zadyňy ogurladyp, zadyňy giderip we ş. m. ýagdaýda gaty gynanmak, gaty nebsiň agyrmak. Içiňi çekmek bir zada geň galmak, haýran galmak zerarly demiňi içine dartmak. Aýallar ol habary ilki eşidenlerinde, içlerini çekdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). |