SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÇE


IÇEGE, anat. Adamyň we haýwanyň iýmit siňdiriji organyndaky ýumşajyk turba.

Ýartygulak bolsa şol bölejik içegede eken («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Emma içegämiz jugurdaşyp durandan soň, aňrymyza düşen zat bolmady («Tokmak» žurnaly).


IÇEGEN, Spirtli içgileri normasyndan artyk içýän, köp içýän, köp içmegi söýýän. Olar şeýle içegenmi? (Şekspir, Otello).


IÇERI, 1. Ýaşalýan jaýyň içi, iç göwrümi, ýaşalýan jaý, öç. Elbetde, içerini tämiz saklamak gowy zat (A. Gowşudow, Eserler). Hoşgeldi ylgap içerden çykdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegpnde).

2. göç. m Öý, maşgala, çaga-çuga, oglan-uşak. Ýaşuly, biziň içerimiz gurgunmy? («Sowet Türkmenistany» gazegi).

* I ç e r i n i  çaýkamak — maşgala durmuşyny bozmak. Sen köpden bäri içerini çaýkajak bolup ýörsüň (A. Durdyew, Saýlalan eserler).


IÇERIK [içeri:k], ser. I ç e r i 1. Pökgen içerik girmegi bilen oturgyçda hem oturman, töre düşelen halyň üstüne geçdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


IÇERKI, 1. Jaýyň, öýuň we ş. m. içinde bolan. 2. Bir döwletiň, guramanyň we ş. m. içki ýaşaýşyna, durmuşyna degişli bolan.


IÇERMEN, gepl. d 1. ser. Içegen. 2. Içmäge meýil bildiren içmekçi bolan içmek islän.