SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÇI


IÇIGAR, gepl. d. Käýelip, ýigrenilip aýdylýan sögünç söz. Hiý, şu içigaryny hem atarlarmy? Özüňi gör, göklän kürräni gör (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Haý, içigar, öten agşamky gören düýşüm dogry çykaýjak öýdýän («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IÇIGARA, Görübilmezlik edýän, ýaman niýetli, bahyl, görip. Näme üçin maňa öňünden habar bermänsiň, sen Wüşi kel, içigara ekeniň' (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Içigara adamlary derrew tanamak bolýar (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).


IÇIGARALYK, Ýaman niýetlik, bahyllyk, göriplik.


IÇIGARAÇYLYK, ser Içigaralyk.  Ýolliniň içigaraçylyk häsiýeti şeýle güýçlüdi, ondaky hemme  häsiýetlerden iň ýokarky derejede durýardy (A. Gowşudow, Köpetdagň eteginde).


IÇIGLI, Birinden ahmyrly, arly, öçli, gaharly. Artyk bir näçe gezek içigli ýaly depdi. Ballynyň gününi eşiden gelin oňa bakan gözüni gytagyny aýlady, ýaşmagyny çeýnäp, bürenjegini içigli ýaly çekdi (B Kerbýabaew, Aýgytly ädim).


IÇIKDIRMEK, Urup demini içine doldurmak, gaty urmak.


IÇIKMEK, Urulmak zerarly demiň içiňe dolmak, gaty urulmak.


IÇILMEK, Içilip gutarylmak, tükedilmek. Inim, iýilýäň içilýän däldir (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


IÇIM, Içmäge ýaramlylyk derejesi, möçberi. Bu çaýyň içişniň ugry ýok.


IÇIMLIK, Içer ýaly, içmek üçin  peýdalanylýaň, içmäge niýetlenen. Şäherleri içimlik suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjekdir («Sowet Türkmenistaw» gazeti). Düýn dälmidi çelek bilen bu çöle, içimlik suw daşalýany günaşa («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IÇIRGI, Eýeriň, gaňňanyň aşagyndan malyň arkasyna salynýan keçe. Ol onuň endamyny içirgi bilen süpürdi, jül salman çiplak eýerledi  (B. Korbabasw. Aýgytly ädim). Annaguly atynyň agyzdyrygyny   salyp, atynyň içirgilerini düzetmek bilen sözüni dowam  etdirdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


IÇIRGILEMEK, At, eşek we ş. m. mallaryň arkasyna içirgi salyp eýerlemek.


IÇIRMEK, 1. Haýsy-da bolsa bir suwuklygy içmäge bermek, ýuwutdyrmak. Doktor derrew Akmyrada derman içirdi-de: — Hany munuň ejesi? — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). 2. göç. m. Gep öwretmek, ynandyrmak. Ol oňa aýtmaly zatlaryny aýdyp, eýýäm içereňdir.


IÇIŞMEK,  1. Bile içmek. Hany entek ýör, çaý-paI içişeli, biraz özüňi dürse.

2. gäç. m. Arak-şerap içip meýlis gurmak, ýygnanyşyp  bilelikde  spirtli içgi içmek.   Bu sapar şeýle meýlis gurmaga, olar bilen bile içişmäge mejbur eden bir zat boldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IÇIÝANGYNLY, Birinden ýa-da bir zatdan göwni galyp, ahmyr çekip ýören içi kitüwli.


IÇIÝANGYNLYLYK, Birinden ýa-da bir zatdak göwnün galyp. ahmyr çekip ýörmeklik, içi kitüwlilik.