SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÇÝ


IÇÝAKGYÇ, Gaty gaharňy getirýäň janyňy ýakýan, dikdüşdi. Onuň ýaly içýakgyç adamyny biziň jemgyýetimizde henize çenli görmändim (N. Pomma, Taýlak dzzyn). Sary çaýyny owurtlap, içýakgyç habar gatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IÇÝAKGYÇLYK, Gaty gaharyňy getirijilik, jany ýakyjylyk, dikdüşdülik. Baý, sen hem içýakgyçlygyňy edýärsiň.


IÇÝAN [içýa:n] , zool. Bognaýakly zäherli möjek. Suwuň ortasyna balanlarynda. içýan gurbaganyň arkasyndan çakypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ýazyň çykmagy bilen çölde ýylan içýan ýaly mör-möjekler-de görnüp başlaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IÇÝANAGYZ [içýa:nagyz], 1 Ýere çyzyk çyzylyp oýnalýan oýnüň bir göonüşi.

2. Aýal geýimine, hala salynýan nagşyň bir görnüşi. Köne nagyşlarymyz: — «goçak, göllerimiz. Içýanagyz, inerdiş, erikgüllermiz» Äleme ýarady, indi pismidir («Sowet edebiýaty» žurnaly).