SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÇG


IÇGEÇME, med. Içegäniň kadaly işlemeginiň bozulmagy zerarly, çalt-çaltdan meýdan etmeklik bilen ýüze çykýan ýokanç kesel.


IÇGI, gepl. d. Içilýän spirtli zatlar. Bu içgini içseň, sende ne abraý goýar, ne-de saglyk («Tokmak» žurnaly). Stoluň üstündäki dürli gaplarda bolan jürbe-jür içgiler we başga näzi-nygmatlar göründi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


IÇGILI, Spirtli içgi içen. Daş görnüşine seredeňde, içgili ýaly bolup görünýärdi.


IÇGIN [içgi:n], 1. Birneme iç tarapda bolan. Içgin salnan haýat.

2. Janypkeşlik bilen çyn ýürekden, mähirli. Aýnur eje olar bilen örän içgin gürleşdi (N Pomma, Sebäbinl soň bildim). Ol goşuny ýerde goýup onuň bilen içgin salamlaşdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

3. göç. m. Ýakyndan, çuň, düýpli. Partiýa guramalary bu mesele bilen içgin meşgul boldy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Keminäniň durmuşy, döredijiligi oz döwrüniň sotsial gatnaşyklary bilen için baglanyşyklydyr («Edebiýat»).


IÇGIN-IÇGIN 1[içgp:n-içgi:n], 1. Has janypkeşlik bilen, ýürek bilen. Ekskursowodlar respublikamyzyň baýlyklary hakynda içgin-içgin gürrüň berýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýöräp gelşilerine içgin-içgin sözleşdiler (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).

2. Dykgat bilen, ýakyndan. Aýsoltan bu ýetginjekden bir üýtgeşik alamat görjek bolup, içgin-içgin synlaýar. («Sowet Türkmenisgany» gazeti).


IÇGINLIK [içgi:nlik], 1. Içgin ýagdaýda bolmaklyk, birneme iç tarapdalyk.

2. göç. m. Janypkeşlik, ýakynlyk, mähirlilik. Goçmyrat içginlik bilen soraş-dyrdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).