SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÇM


IÇMEK 1. Suwuk zady owurtlap ýuwutmak. Garly ussa bir çäynik gök çaý içdi  (A.    Gowşudow,  Powestler we hekaýalar). El-ýüzüni bolsa pişik ýuwnuşyny edip ýuwdy-da,  çaýyny  içmäge oturdy. (A. Durdyew, Saýlnan eserler).


IÇMEK,II   Goyun derisinden ýuň tarapy içine edilip tikilýän daşky geýim, possyn. Artyk alaşasyny , Aşyryň kakasy Sähet golaga tabşyryp, azygyny daýhanlaryň eşeklerine ýükledi-de,  içmegini   egnine atyp, elkinçe gitdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen  meniň    içmegime sygman oturmagyma  seretme! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


IÇMEKLIK, Içmek tikmek üçin taýýarlanan deri.


IÇMEKÇE, Guşaklygyňa ýetýän gysga  içmek, gysga possun. Eger ol şol sandan kem bolsa, oňa «içmekçe» ýa-da başga şoňa meňzeş at dakýarlar (A. Gowşudow, «Eserler).