SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NOB

NOW

NOG

NOÝ

NOK

NOL

NOM

NON

NOR

NOS

NOT

NOH

NOŞ

NOÝA


NOBAT, [nogbat], Bir zadyň gidiş ugrunyd tertibi, gezek. Herki zadyň özüniň wagty, nobaty bardyr (B. Kerbgbaew, Aýsoltan). Ata-baba miras paýlaşygynda ýeten iki tanap boş ýeri we ýigrimi günden aýlanyp nobaty gelýän ýarym sagat suwy — Orsgeldiniň bar mülki — baýlygy hem şulardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> Birinji nobatda — iň ilki bilen, öňürti. Indi aýal-gyzlar erkekler bilen deň hukukda, olar birinji nobatda okamaly (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


NOBATDAKY, [no:batda:ky], Ilkinji, indiki nobat-da durýan, ýakyn geljekki, ýakyndaky. Respublikan guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi boldy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


NOBATMA-NOBAT ,[no:batma-no:bat], Nobat boýunça, gezekme-gezek, gezegine. Ýigitler nobatma-nobat çalşyp, goşa gidip çaý içmäge başladylar (A. Gowşdow, Köpetdagyň egeginde). Işleri nobatma-nobat bitirmäge endik edipdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NOBATSYZ, [no:batsyz], Nobatda durmadyk, gezeksiz.


NOBATÇY, [no:batçy], Gulluk wezipesini nobat boýunça, gezegine ýerine ýetiriji. Nobatçy wraçyň geleriçe wagt az galypdy (A. Gowşudow, Eserler). Ussahana-da her brigadadan bir nobatçy goýup, galanlarynyň hemmesi synaga gitdi (H. Ysmaýylow, Powestler).


NOBATÇYLYK, [no:batçylyk], Nobatçynyň käri, nobata durmaklyk ýagdaýy. Olar öz gezeklerinde nobatçylyk etdiler.


NOBAHAR, [nogbahar], 1. Bahar, ýaz paslynyň başlanan döwri, täze bahar.

2. Başdaky, ilkinji. Geldi Merediň, nobahar ogludy.


NOBUG, [no-bur], oba. h. Täze gazylan uly ýap. Mele suw nobury dolabara edip çaýkanyp ýatyrdy  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Öýlerine gaýtmak, aralykdaky noburyň içinden geçmek ýadyna düşüp, gorkusyndan reňki duw ak boldy(N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Ol dogry gitmedi, gyçlap gitdi, Uzakda bolmadyk nobura yetdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NOB,…Goşma sözleriň «täze, ýaş» diýen manyny aňladyan bölegi: nowruz, nowjuwan we ş. m.