SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NOB

NOW

NOG

NOÝ

NOK

NOL

NOM

NON

NOR

NOS

NOT

NOH

NOŞ

NOÝA


NO'TA, I sazç. 1. Sazyň sesiniň owazynyň şertli grafigi, belgisi we saz sesiniň özi. Sen öz ýazan gamly notalaryňy kän ulanýarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Şertli grafik belgiler bilen ýazylan saz eseriniň teksti. Hemme ýerde saz kružogy düzülýär, Döreden zatlarňyz nota ýazylýar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


NO'TA, II dipl. Bir hökümetiň başga bir hökümete diplomatik ýüzlenmesi. Hökümetler arasynda nota alşylmagy. Garşylyk görkezip nota ýazmak.


NOTARIAL, Dürli dokumentleri, ýuridik aktlary resmileşdirmeklige we şaýatlyk etmeklige    degişli bolan.  Şäherimiziň notarial kontorasy ilata gowy hyzmat edýär.


NOTARIUS, Dürli dokumentleri, ýuridiki aktlary resmileşdirmek, şaýatlyk etmek işi ynanylan  şahs.