SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NOB

NOW

NOG

NOÝ

NOK

NOL

NOM

NON

NOR

NOS

NOT

NOH

NOŞ

NOÝA


NOMENKULATURA, Bir hünär, ylym boýunça ulanylýan atlaryň spisogy ýa-da jemi. Geografik nomenklatura Medtsina nomenklalurasy.


NO'MER, 1. Zadyň tertibini görkezýän belgi ýa-da san. Biziň jaýymyzyň nomeri on.

2. Belli bir tertip-de, sanda bellenen predmet.

3. Geýim, aýakgap we ş. m. predmetleriň san bilen bellenen ölçegi.

4. Myhmanhanada, hammamda we ş m ýerlerde aýratyn jaý, otag. Ol öz bolýan nomerine geldi-de, daşky eşiklerini çykaryp, edebi kitaplaryň birini eline alyp, krowatyň üstüne gyşardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

5. Pьesanyň, kontsertiň we ş. m ýerine ýetirilýän, görkezilýän aýratyn bir bölümi. Kontsertiň iň soňky nomerinde Gökdepe raýonynyň çeper höwesjeňleri «Ýeriň emeli hemrasy» hakyndaky aýdymy ýerine ýetirdiler.


NOMERLEÝJI, Nomer basyjy gural.


NOMERLEMEK. Bir zada nomer goýup çykmak. Depderiň sahypalaryny nomerlemek.


NOMERLENMEK, Bir zada nomer goýulmak.


NOMERLI, Nomer goýlan, nomeri bar bolan 45—57 nomerli maşyn. 7-nji nomeerli oýunçy.


NOMINAL, Takyk bellenen, goýlan baha. Nominal iş haky.

<>Nominal kesgitleme—düşünjäni aňladýan sözüň, adyň manysyny düşündirme. Nominal kesgitlemeler belli bir hallarda, aýratyn-da başga dillerden alnan sözlerde zerur bolýar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).