SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NOB

NOW

NOG

NOÝ

NOK

NOL

NOM

NON

NOR

NOS

NOT

NOH

NOŞ

NOÝA


NOKAT, 1. Tegelejik tegmilt. Orazgülüň käbir ýeri gasyn atan bugdaýreňk ýüzüniň sag tarapynda garaja nokat ýaly meňi bardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. gram. Gutaran pikiri tapawutlandyrmak üçin we käbir gysgaldylan sözler ýazylanda ulanylýan dyngy belgi. Habar sözleminiň soňunda hemişe nokat goýlup, ondap soň başlanan sözlemiň ilki sözüniň birinji harpy baş harp bilen ýazylýar.

3. mat. Çyzygyň kesişýän çägi Material nokadyň göwrümi geometrik nokada syrykdyrylýar («Fizika kursy»).

4. fiz. Suwuklygyň bir haldan başga bir hala geçiş derejesi. Gaýnama nokady. Ereme nokady. Doňma nokady.

5. Ýer, punkt. Söwda nokady. Ok atylýan nokat.

6. Daşdan çala görünýän zat, gara Alysdan göründi bir gara nokat, Bilmedim men onda niçik hereket (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

7. Bir zadyň gutaran ýeri, ýokary derejesi. Onuň gürrüňi ahyrky nokadyna ýetdi.

<>Iki nokat — aşakly-ýokarly goýlup ulanylýan goşa nokat, dyngy belgisi (:).


NOKATLAMAK, gep  nokatlamak —heçjikläp birsyhly gaýtalap durmak. Ýeri, gep nokatlap oturma, bes et.


NOKATMA NOKAT,  Başdan-aýak, boýdan-başa, sözme-söz, birin-birin, jikme-jik.

Ol, mugallymyň  ýat tutmak üçin beren sapagyny nokatma-nokat aýdyp berdi.