SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NOB

NOW

NOG

NOÝ

NOK

NOL

NOM

NON

NOR

NOS

NOT

NOH

NOŞ

NOÝA


NOWA, I. 1. Içine suw dolduryp, mallary suwa ýakmak üçin agaçdan ýa-da daşdan ýasalan süýri gap. Mülki nowalardaky suwy dökýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Maşynyň, arabanyň we ş. m. zatlaryň ýük goýulýan, doldurylýan bölegi, ýeri. Ol, pamyklary maşynyň nowasyna gapgarýan işçi bilen gürrüň edip durandyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NOWA, [nowa:] II, Hiç bir zat, nam-nyşan. Janyňa jan goşýar tämiz howasy, Tozan-totuň asla ýokdur nowasy (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Janyna ýakymly azat howasy, Bizde bolmaz din-adatyň nowasy ( N. Pomma , Saýlanan eserler).


NOWASYZ, [nowa:syz], 1. Zady ýok, garyp. Nowasyz ýekebara hojalyk.

2. göç. m. Akylsyz, ýeňilkelle (adam).


NOWGÜL, kön  s. Täze gül.


NOWE'LLA, edeb. Köplenç soňy garaşylmadyk görnüşde gutarýan kiçijik hekaýa, çaklaňja powestь. Nowellanyň sýužeti çylşyrymly bolmasa-da, ol örän gyzyklydy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


NOWELLAÇY, Nowella ýazýan ýazyjy, nowella awtory.


NOWJUWAN, [nowjuwa:n],  kön.s. ÝAş  ýigit,  ýigitlik çagy. Eý mähirli nowjuwan, gerçek goç ýigit («Görogly» eposy).


NOWOKAI'N, med. Teniň agyrysyny wagtlaýynça duýdurmaýan derman.


NOWRUZ, kön. S. Käbir Gündogar ýurtlaryň hasaby boýunça täze ýyl çalşygy, ýyl çalşygynyň ilkinji güni. Nowruzyň siňňitli ýagşy bilen arpa, bugdaý yrýasyz gögeripdi. Ak ekin nowruzdan öň ekilip gutarylypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biziň eriklerimiz mart aýynyň birinji ýarymynyň içinde gülleýär, onsoň martyň ýigrimisinden ýigrimi üçüne barýança nowruz günleri bolan sowuk hem näzik naýçalary uraýýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NOWHANA, [nowha:na], Giň uly aryk, kanal.


NOWÇA, I. Gany ýerinde, sagdyn, ýaş. Nowça gyzlaryň görki-görmegi, enaýylygy eýsem şol gülüňkiden pesmi? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NOWÇA, II. Degermende möhreden suw çykýan we çarhlary herekete getirmek üçin suw dökülýän deşik.