SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NOB

NOW

NOG

NOÝ

NOK

NOL

NOM

NON

NOR

NOS

NOT

NOH

NOŞ

NOÝA


NOGAÝLAR, Astrahan oblastynda, Stawropolь ülkesinde ýaşaýan, türk dilleriniň toparyna girýän halk.


NOGSAN, [nogsa:n], kön. s. Kemçilik, zyýan, zelel. ÝOK! Aýyp bolar, Näme? Bir gezeklikçe nogsany ýok (Myraly). Bu betbagtlygy nogsan hökmünde gizlemäge çalyşýarlar — diýip jogap berdim (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).


NOGTA, 1. Köplenç eşek we ş. m. mallaryň kellesine salynýan, baglanýan düwünli ýüp. Häzir gölämize nogta işdirýän (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. göç. m. Ygtyýar, erk. On ýyllap sowet mekdebinde okap, ýene öz nogtasyny öz enesine tabşyrýan ýigitden men-ä näme tama edip boljagyny bilýän däldirii (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


NOGTALAMAK, 1. Nogta salmak. Göläni nogtalamak.

2. göç. m. Erk-ygtyýaryny ele almak, agzyna seretdirmek.


NOGTALANMAK, 1. Nogta salynmak. 2. göç. m. Erk--ygtyýary ele alynmak, agza seretdirilmek, ygtyýary elden gitmek. Alaçsyz nogtalanyp galmak.


NOGTALATMAK, 1. Nogta saldyrmak. Eşegi nogtalatmak. 2. göç. m. Erkini, ygtyýaryny aldyrtmak. Özüňi nogtalatmak.


NOGTALY, 1. Nogta geýdirilen, nogta salnan. Nogtaly göle. Nogtaly mal. 2. göç. m. Erki, ygtyýary alnan.


NOGTASYZ, 1. Nogta geýdirilmedik, nogta salynmadyk. 2. göç. m. Erki, ygtyýary öz elinde bolan.


NOGUL, kön. s. Gündogar ýurtlarda taýýarlanylýan süýži. Bir gün meýlis gurdy eneli-ogul, Myhmanlara berdi balmydyr nogul (Çary Aşyr, Poemalar). Çagalar nogly gowy görýärler, sebäbi ol ýumşajyk süýji.


NOGUL-NABAT, [nogul-naba:t], Dürli süýžüleriň umumy ady. Bir ýaglyk doly nogul-nabatdy. Menem nogul-nabat paýladym (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de) Nogul-nabat ýatsyn ortada çaşyp, Abraý alyp, arslan ogluň geldi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).