SÖZLÜG ,, O- HARPY;

ORA

ORB

ORG

ORD

ORI

ORK

ORM

ORN

ORO

ORR

ORT

ORU

ORF


ORAGATDY, Utulanyň utana öz ýygan otuny bermek şerti bilen orak atylyp oýnalaýan oýun.


ORAZA [ora:za], 1. Musulman aýynyň ady. Akar suw-da suw içme ýok, Bu aýdyr oraza aýy. (Çary Aşyr, Poemalar). 2. dini. Musulman dinine uýýan adamlaryň oraza aýynda gündizine hiç zat iýmän, içmän agyz beklemeklik däbi.


ORAK, 1. Galla ekinlerini ormak ýa-da ot ýygmak üçin ulanylýan dişli egri el guraly. Bir tarapda köne oraklar, döwük piller üýşürilip goýlupdyr (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. oba h. Galla hasyly ýygnalýan möwsüm. ýygym döwri. Şu ýyl oraga çenli gallam azlyk edäýjek ýaly görünýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Orak hasaby boýunça gyşyň togsany öten agşam doldy (A. Gowşudow, Köpegdagyň eteginde).


ORAKDIŞ [orakdi:ş], Gaýmasy bir ugra bakdyrylyp oragyň dişine meňzeş edilip bejerilýän keşde.


ORA'KUL, mif 1. Antik dünýäde: dürli soraglara mifik hudaýyň adyndan jogap berýän palçy, kulьt adamsy.

2. kön. S. Pal atylýan kitap.


ORAK-ÇEKIÇ, Zähmet emblemasy. Orak-çekiç nyşanly baýdak.


ORAKÇY, Orak ormak işi bilen meşgullanýan adam. Orta boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan orakçy selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ORAKÇYLYK, Orakçynyk käri, ýagdaýy. Tomus aýlary bize orakçylyga durmaga fin orakçylary gelýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ORAL, Ýaşy geçişen, ýaşy bir çene baran, gartaşan.

Bir oral aýal daň atan ýaly düýbi agaryp ugran saçyny boýadarman bogdy («Tokmak» žurnaly).


ORALMAK, 1. Bir zadyň daşyna saralmak, daşyna dolanmak, daşyna aýlanyp çolaşmak. Onuň kellesiniň daşyna oralan ýogyn örüm gara saçlary gyrmyzy köýnegiň ýüzünde gyzyl güle çyrmaşan goşa ýylan ýaly bolup görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Biline gowanyň bagy oralan ýogyn pürs durdugylyça batlanyp aýlanýardy (A Gowşüdow, Kepetdagyň eteginde).

2. Bir zadyň daşyna agyl bolmak, daşyna aýlaw bolmak, daşyny gabap almak.


ORALYŞMAK I, Bir zadyň daşyna saralyp, dolanyp bulaşmak, çolaşmak.


ORALYŞMAK II, Ýaşy geçişmek, ýaşy bir çene baryşmak, gartaşmak. Ol işikden gelen ýaşy oralyşan bir aýaldy.


ORAMAK, 1. Bir zadyň daşyna saramak, daşyna dolamak, aýlamak. Ol şol hemşieki ak donuny geýnip biline hem uzyn ak guşagyny bir näçe sapar orapdyr (A. Gowşudow, Eserler).

2. Bir zadyň daşyna agyl etmek, bir zadyň daşyna aýlaw etmek, daşyna dolanmak. Ol hem dogan orap degre-daşyňy, Taýýar seniň bilen ýeňiş etmäge (R. Seýidow, Bagtlylar).


ORAN: oran etmek — howsala düşmek, galagoply ýagdaýda bolmak, ynjalyksyzlanmak. Balar onda--munda oran edip başladylar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ORANGUTANG, zool. Adam pisintli iri maýmyn.


ORANŽERE'ÝA, bot. Gül, gök önüm we ş m. ösdürilýän üsti aýnaly ýyly jaý. Pawilьonda oranžereýa zaly bar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ORANMAK, Bir zady bir ýeriňe saramak, dolanmak. Mama iňňeden çykma ýüpek sowsanynyň üstünden mal-daýy çabyt geýip, gara gülli guşagy biline orandy (B. Kerbabasw, Aýgytly ädim).


ORATMAK, Bir zadyň daşyna saratmak, daşyna dolatmak, aýlatmak.


ORA'TOR, Ýygnakda söz sözleýän ýa-da çykyp geplemäge ökde ukyply adam. Diňe soňky  ýylyň içinde Sowet Soýuzynyň uniwersitetlerinde we institutlaryn-da studentleriň sany 300 muň adam mukdarynda artdy — diýip. operator aýdýar («Pioner» žurnaly).


ORATORIÝA, sazç. Solistler, hor we orkestr üçin ýazylan uly sazly drama eseri.


ORATORLYK, Ökdelik bilen söz sözlemeklik, dilewarlyk.


ORAÇA, ser. Çatma. Oraçanyň içinde orta boýly bir aýal eňegini eliniň aýasyna goýup, tirsegini dyzyna daýap otyrdy (B Kerbabaew, Japbaklar).


ORAŞAN [oraşa:n], Aç-açan, aýdyň, anyk. Kolhozymyzdaky ýagdaýlar gaty oraşan göründi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ORAŞMAK, Oramaga, saramaga, dolamaga kömekleşmek.


ORAÝANY [ora:ýa:ny], Sarymtyl gyzgylt reňk. Çylgym-çylgym ýylgynlar oraýany gyzyl güller bilen bezenip otyrdy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).