SÖZLÜG ,, O- HARPY;

ORA

ORB

ORG

ORD

ORI

ORK

ORM

ORN

ORO

ORR

ORT

ORU

ORF


ORGAN, 1. anat. Organizmiň belli bir hyzmaty ýerine ýetirýän bölegi, syna.

Gepleşikde sesleri emele getirmek üçin gatnaşýan organlara gep organlary diýilýär.

2. Döwlet ýa-da jemgyýetçilik  edarasy. Halk magaryf organlary mekdebiň  döwlet  programmasyny berjaý etmelidir  («Sowet Türkmenistany» gazeti).

3. Bir jemgyýete, partiýa,  edara garaşly metbugat neşiri  «Sowet Turkmenistany» gazeti  TKP   MK-niň TSSR ýokary Sowetiniň we Ministrler Sowetiniň organydyr.


ORGANI'ZM, Ösmäge, ýaşamaga ukyby bolan ähli janly zatlar (adam, haýwan, ösümlik).

Bir näçe organizmler günüň  ymygyny  özüne siňdirmäge  uýgunlaşýarlar («Pioner» žurnaly).

Suw protsedurasy organizme oňat täsir edýär («Mydam taýýar» gazeti).


ORGA'NIK,  Organiki himiýadan spetsialist.


ORGANIKI,  Ösümlikler we  haýwanlar düýnýäsine degişli bolan. Şeýle şertde Aýda organiki ýaşaýşyň bolmagy mümkin döldir  («Astronomiýa»).


ORGANOGRA'FIÝA, biol. Ösümlikleriň, haýwanlryň organlarynyň doly ýazuwy.


ORGIÝA, 1. tar   Gadymy Gretsiýada: şerap we şatlyk hudaýy.  Dionis mynasybetli geçirilýän baýramçylyk.

2. göç.Çaksyz içme we ş. m. azgynlyk ediş gijesi, duşuşygy.