ORNAMAK, Bir ýerde berkemek, kök urmak, ýerleşmek, sinmek. 2. göç m. Täsir etmek, täsiri ýetmek. Artyk türme naçalьnigine ýumrugyny gezemek isledi, emma eliniň awusy ýüregine ornady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Etden geçip süňke ornamak ser. E t. Küle, seniň gykylygyň indi meniň etimden ötüp, süňküme ornady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).
ORNATMAK, Bir ýerde berkitmek, orun tutdurmak. kök urdurmak, ýerleşdirmek.
ORNAŞDYRMAK, Bir ýerde berkitmek, orun tutdurmak.
ORNAŞMAK, Kem-kemden berkişmek, kem-kemden ýer almak, ýerleşmek. Biziň goşunlarymyz öz bellän rubežlerinde berk ornaşdylar (A. Gowşudow, Mähri Wepa). Täze, päk sotsialistik moralь kolhozçylaryň durmuşyna berk ornaşýar (A Gowşudow, Eserler). Heniz pionerkäm, ýüregimde meň Ajap waka berk ornaşyp galypdyr (Ş. Borjakow, Kaspi kenarynda). Ýylanyň zäheri ýüregime ornaşyp barýardy.
ORNAŞYK, ser. O r n a ş y k l y. ORNAŞYKLY, Ýerleşikli, jaýlaşykly, oňaýly. Garrylar ojagyň başynda ornaşykly oturdylar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).
ORNITOLOG, Ornitologiýadan spetsialist. Ol adam ornitolog bolsa gerek.
ORNITOLOGIK, Ornitologiýa degişli bolan.
ORNITOLOGIÝA, Zoologiýanyň guşlary öwrenýän bölümi. |