SÖZLÜG ,, O- HARPY;

ORA

ORB

ORG

ORD

ORI

ORK

ORM

ORN

ORO

ORR

ORT

ORU

ORF


ORDA, 1.tar. Çingiz hanyň mongol deržawasy böleklere bölünenden soňky döwleti emele getirýän bölekleriň ady. Gunnlaryň baş ordasy Dunaý derýasy bilen Tissa derýasynyň arasynda togtapdyr (SSSR taryhy).

2. göç. m. Garakçylar we ş. m. topary, sürüsi, ýygyn, banda. Çingiziň ordasy gözel şäheri haraba halyna aýlandyrypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Halkym agaýana dynç ýaşaýardy, Üstümize faşist ordasy çozdy (R. Seýidow, Saýlanan eserler). Aşak ýöredim welin, möjek ordasynyň üstünden bardym («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ORDEN I, Görkezilen ajaýyp hyzmat üçin sylag berilýän ýörite tapawutlanyş nyşany. Döşünde Beýik Watançylyk urşunyň ordeni hem medallary lowurdaşýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> Hormat nyşany ordeni — zähmetde aýratyn tapawutlananlygy üçin SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidumy tarapyndan berilýän orden.


ORDEH II, Belli bir ustawly gurama, obşina. Ordeniň naçalьniginiň ady magistr bolupdyr (SSSR taryhy).


ORDENLI, Orden bilen sylaglanan, orden sylag alan. Ordenli respublikalaryň sany ýylsaýyn köpelýär.


ORDER, Bir zady bermek ýa-da almak üçin berilýän dokument. Jaý orderi.


ORDINAR, fiz. Derýada ýa-da başga suw howdanlarynda suwuň ortaça derejesi (bir näçe ýylyň dowamynda).


ORDINAFETS, harby. Buýruk, tabşyryk bermek üçin komandiriň ýanynda bolýan harby gullukçy. Ep-esli wagtdan soň, ordinarets nahary alyp geldi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


ORDINATOR, med. Keselhanada, palatada, klinikada we ş. m. bölüm müdiriniň ýolbaşçylygy astynda kesel bejerýän, işleýän wraç.


ORDINATURA, med. Praktiki meditsina aspiranturasynyň bir görnüşi.


ORDURMAK. Galla we beýleki ş. m. ekinleriň hasylyny ýygnatmak. Bugdaý ordurmak. Ýorunja ordurmak.