ORULMAK, Orak bilen kesilip ýygnalmak, toplanmak. Şu ýyl kolhozda köp bugdaý oruldy («Mydam taýýar» gazeti), ORUM, ser. Ýygy m 1.
ORUN, 1. Ýerleşmek, jaýlaşmak, oturmak üçin ýer, jaý. Podpolkownik: Oturyň! diýip, orun görkezdi (A. Gowşudow, Eserler). Ýagşy ýigit, şu orunlar boşmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Ýer, derek, öwez. Meniň ornuma has güýçlüräk, ruhy taýdan has berkräk teäe ýoldaşlaryň geljegine ynanýaryn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 3. Göç. m. Wezipe, gulluk. Onuň ýokary wezipeli adamlardan biri bolup, jogapkärli orunda işleýändigi bellidi (A. Gowşudow, MähriWepa). 4. Ýaryşda eýe bolnan ýer. Ol üçüneui orna mynasyp bolan pälwandy («Pioner» žurnaly). <> Orun doldurgyjy gram. «kimde?, nämede?, nirede?» diýen soraglara jogap bolup, sözlemde aňladylýan pikiriň ornuny görkezýän grammatik kategoriýa.
ORUNBASAR, Bir edaranyň başlygynyň ornuny tutujy, ornuny tutmaga hukukly işgär. Çaşçynyň çagyrylan günleri redaktoryi, orunbasary ýokdy (A. Gowşudow, Eserler).
ORUNBASARLYK, Orunbasaryň wezipesi. Ol özüniň orunbasarlyk edýän döwründe, zähmetsöýer adam hökmünde özüni tanadypdy («Kolhoz günleri»).
ORUNLAŞMAK, 1. Ýer, jaý alyp ýerleşmek, arkaýyn oturmak. 2. göç. m. Işe, bir gulluga, wezipä eýe bolmak, girmek, ýerleşmek.
ORUNSYZ, 1. Orny ýok bolan, ýersiz. Orunsyz satylan bilet. 2. Ýerliksiz, ähmiýetsiz.
ORUNSYZLYK, 1. Orny ýokluk, ýersizlik. 2. Ýerliksizlik, ähmiýetsizlik.
ORUŞMAK, Ormaga kömekleşmek, bilelikde ormak. Durdy bugdaý oruşmaga gelipdir. |